SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Demir ýol gatnawlarynda täze tertip

Demir ýol gatnawlarynda täze tertibe geçilýär. Şonda, 2021-nji ýylyň Iyun aýynyň 1-den bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, aşakdaky görkezilen ugurlar boýunça demir ýol gatnawlary berjaý edilýär.

  1. hepdede 2 gezek, hepdäniň çarşenbe we anna günleri Aşgabat-Mary–Türkmenabat,
  2. hepdäniň penşenbe we şenbe günleri Türkmenabat-Mary–Aşgabat, Türkmenabat-Gazojak, Gazojak-Türkmenabat, Türkmenabat-Amyderýa, Amyderýa-Türkmenabat hem-de Mary-Serhetabat, Serhetabat-Mary ugurlary boýunça
  3. hepdede bir gezek Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça ýekşenbe güni, hepdäniň duşenbe güni Daşoguz-Aşgabat ugry boýunça demir ýol gatnawynyň ýola goýulýandygy habar berilýär.

Bellemeli zat, welaýatara we şäherara demir ýol gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň Iýul aýynyň 1-ne çenli uzaldylandygy barada habar berilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça ýörite otly gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşirilýär.

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar