TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Şahbaz Şarif – Pakistanyň 23-nji Premýer-ministri

“Pakistanyň musulman liga” partiýasynyň ýolbaşçysy Şahbaz Şarif Pakistan Yslam Respublikasynyň 23-nji Premýer-ministri wezipesine saýlandy. Ses berişlik ýurduň Milli assambleýasynda (parlamentiň aşaky palatasy) geçirildi.

Pakistanyň metbugatynyň habar bermegine görä, Şarifiň hökümet başlygy wezipesini goldamak üçin deputatlaryň 174-si öz sesini berdiler. Ýurduň parlamentiniň aşaky palatasynda 342 deputat bar.

70 ýaşyndaky Şahbaz Şarif ozal 3 gezek ýurduň hökümetine baştutanlyk eden Nawaz Şarifiň kiçi doganydyr.

Şahbaz Şarif (doly ady – Mian Mohammad Şahbaz Şarif) 1951-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Pakistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Penjab welaýatynyň Lahor şäherinde ýurduň iri senagatçysy Mian Mohammad Şarifiň maşgalasynda dünýä indi. Onuň uly dogany Nawaz Şarif – syýasatçy, ýurduň hökümetine 3 gezek ýolbaşçy boldy (1990-1993, 1997-1999, 2013-2017).

Şahbaz Şarif Lahor uniwersitetiniň dowlet kolležini ynsanperwer bilimleri boýunça bakalawr derejesi bilen tamamlady. Okuwyny tamamlap, maşgalasynyň telekeçilik işine goşuldy. “Ittefaq Group” polat guýýan kompaniýanyň paýnamalaryny dolandyrdy. 1985-nji ýylda Lahoryň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy.

1988-nji ýylda Penjab welaýatynyň parlamentinde deputatlyga saýlandy. Ol 1990-njy ýylda Pakistanyň Milli Assambleýasynyň (parlamentiň aşaky palatasy) düzümine saýlandy.

 

Telekeçileriň sergisi we maslahaty

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýada saparda bolar

Baş Redaktor

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bagyşlanan maslahat

UNODC sebit wekili bilen duşuşyk

Teswirle