SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otly gatnawlarda täze möhlet

“Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi web saýtynda habar berilişine görä,  sentýabr aýynyň 1-ne çenli otly gatnawlary duruzylar.  Agentlik öň otly gatnawlaryny awgust aýynyň 15-ne çenli duruzupdy.

Mundan ozal resmi saýtda ýurduň içindäki otly gatnawlarynyň 16 ― 23-nji iýul aralygynda çäklendirilýändigini habar berlipdi. Soňra bu çäklendirmeler 31-nji iýula çenli uzaldylypdy.

Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly Türkmenistanda şu günler birnäçe çäklendirmeler girizilýär.

Agentlik şeýle hem Aşgabat şäherine gelýän we welaýatara gatnaýan ýolagçylar üçin 2020-nji ýylyň 10-njy awgustundan başlap, saglyk kepilnamasy esasynda hereket etmek düzgüni girizilýändigini habar beripdi.  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky edaralar tarapyndan 72 sagat möhlet bilen berlen saglyk kepilnamasy esasynda gatnawlar amala aşyrylýar. Ýadyňyzda bolsa kepilnama düzgüni «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan hem ýola goýlupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly raýatyň çagasy Minskde 2026-njy ýylyň ilkinji täze doglan çagasy boldy

Beýik Britaniýa zyýanly iýmitleriň mahabatyny gadagan etdi

Täze ýylyň ilkinji çagalary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda çaga dogluşynyň ösüşi

Özbegistanda Täze ýylyň ilkinji gününde 1815 çaga dünýä indi

Türkiýe hytaýly syýahatçylar üçin wizany ýatyrdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna gatnawlaryň sanyny artdyrýar