SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Indi uçuşlar üçin kepilnama hökmany

Mundan beýläk Türkmenistanyň çäginde uçar hyzmatyndan peýdalanjak her bir adamdan (Türkmenistanyň raýatlaryndan, daşary ýurtlulardan we raýatlygy bolmadyk adamlardan) COVID-19 keseliniň ýokdugy barada lukmançylyk kepilnamasy talap ediler.

«Türkmenhowaýollary» agentligi bu çäräniň ýurdumyzda pnewmoniýanyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýändigini habar berýär. Ýörite kepilnamasy bolmadyk adamlara agentligiň hyzmatlaryndan peýdalanmaga rugsat berilmez.

Agentlik goşmaça maglumatlar üçin 39-17-17; 39-17-18; 39-17-20 belgili telefonlar bilen ýa-da hgbgsoragjogap@online.tm elektron poçtasy bilen habarlaşyp boljakdygyny ýatladýar.

Related posts

Şäherara awtobus ugurlary üçin petekler onlaýn satylýar

Ata Watan Eserleri

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Hytaýda Täze ýyl baýramçylygy

Ata Watan Eserleri