SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Saç düşmeginiň öňüni almak

Saçymyzy ýuwýarkak, daranymyzda günüň dowamynda 50-100 saç bölejikleriň düşmegi adaty kabul edilýär. Eger şondan artykmaç bolsa, saçyňyzyň inçelýändigini duýýan bolsaňyz lukmanlara ýüz tutmaly. Saç  düşmeginiň öňüni almak üçin şulara üns bermeli:

  1. Her gün däl-de, arasyna gün salyp saçlarymyzy ýuwmaly. Şeýle-de gyzgyn suwa saçymyzy ýuwmak hem zyýanlydyr.
  2. Saçymyza gyzdyryjy enjamlary(saç guradyjy, saç ütügi…) ulanmakdan gaça durmaly.Saçy köp boýamak hem saç düşmeginiň esasy sebäpleriniň biridir, şol sebäpden ýygy-ýygydan saçymyzy boýamakdan gaça durmaly.
  3. Seýrek dişli daraklardan peýdalanyň.
  4. Saçlarymyza peýdaly bolan iýmitleri iýmeli (ýumurtga, balyk, merjimek, gatyk, peýnir….)

Ýewropada tebigy gazyň bahasy gymmatlady

 

Related posts

Gyrgyz raýatlary Hytaýa 10 güne çenli wizasyz girip bilerler

Koronawirus sanjymy: 1 milliard 874 million

Take off Istanbul 2025 Startup diwarlyklaryň satyşlary başlady