DÜNÝÄ

Şa zenanynyň ýoldaşy şazada Filip aradan çykdy

Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II ýanýoldaşy Edinburgyň gersogy Filip 99 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Bukingem köşgi habar berdi.

– Onuň Alyhezreti Şa aýaly söýgüli adamsy Edinburgyň gersogy şazadasy Filipiň aradan çykandygyny çuňňur gynanç bilen mälim etdi. Şazada Filip şu gün Windzor galasynda aradan çykdy – diýip, Bukingem köşgüniň resmi beýanatynda bellenilip geçilýär.

Edinburgyň gersogy Filip 100 ýaşynyň dolmagyna 2 aý galanda aradan çykdy. Şeýle-de bolsa, ol taryhda iňlis şa maşgalasyndaky beýleki erkeklerden has uzak ýaşan şahsyýetleriň biridir.

Şazada Filip 1921-nji ýylyň 10-njy iýunynda doguldy. Şazada Filip Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II bilen 1947-nji ýylyň tomsunda durmuş gurupdy.

Ýelizaweta II-iň döwründe Filip Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy (WWF) ýaly dürli iňlis we halkara guramalaryna ýolbaşçylyk etdi we beýleki hormatly wezipelerde işledi.

Şazada Filip we Ýelizaweta II-iň dört çagasy bar – Uels şazadasy Çarlz, şazadanyň gyzy Anna, şazada Endrýu we şazada Eduard.

 

Pekin – milliarderleriň paýtagty

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Aşgabat şäheriniň gününde 136 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

Türkmenistan-Atom energiýasy boýunça halkara agentligi: hyzmatdaşlyk üçin täze teklipler

Türkmenistan Bahreýn Patyşalygyna ilçi belledi

Italiýa-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar