TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Russiýa Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrýar

Russiýa Federasiýasy Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini 2021-nji ýylda iki esse artdyrýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gurnan metbugat ýygnagynda habar berdi.

Rus diplomaty 2021-nji ýylyň jemleri boýunça gurnan metbugat ýygnagynda Russiýanyň Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberiniň köp boljakdygyny belledi. Ol geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, bu möçberiň 2 esse artyp, ýagny 10 milliard kubmetr töweregi boljakdygyny mälim etdi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy 2019-njy ýylyň aprelinde türkmen tebigy gazyny täzeden satyn alyp başlapdy. Şol ýylyň iýulynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen 5 ýyllyk, ýylda 5,5 milliard kubmetr tebigy gaz satyn almak babatda ylalaşyk baglaşypdy.

Russiýanyň ilçisi şu ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň tebigy gaz söwdasy hasaba alynmazdan, 729 million dollara barabar bolup, 8.1 göterim ösüş gazanylandygyny belledi.

 

Russiýa Türkmenistana 10 müň doza “Sputnik Laýt” sanjymyny iberer

Ýene-de okaň

“GaffneyCline” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär

“GlobalPetrolPrices”: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda

Türkmenistanda ýokary oktanly awtomobil benzininiň çykarylyşy özleşdirildi

Teswirle