SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa Türkmenistana maýmyn mama keseli üçin test serişdelerini berer

Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugy Türkmenistana maýmyn mama keseliniň laboratoriýa barlagy üçin “Wektro” merkezi tarapyndan işlenip düzülen test serişdelerini berer.

Bu barada Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň başlygy Anna Popowa habar berdi. TASS habarlar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň “Rospotrebnadzor” gullugynyň başlygy Anna Popowa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen duşuşdy.

– Dünýäniň birnäçe ýurdunda hasaba alnan maýmyn mama keseli bilen baglanyşyklyk “Rospotrebnadzor” gullugy Türkmenistandaky hyzmatdaşlaryna “Wektor” ylmy barlag merkezi tarapyndan işlenip düzülen bu keseliň laboratoriýa barlagy üçin test serişdelerini berer. Şeýle hem maslahat hyzmatlaryny hödürlär – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

 

 

Türkmenistan bilen Russiýa saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Related posts

Russiýada ilkinji maýmyn mama keseli ýüze çykdy

Ata Watan Eserleri

“Covid-19” -ny ýok edýän enjam öndürildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri