TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Russiýa talyp wizalary resmileşdirilip başlanýar

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugy Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we dalaşgärleri üçin talyp wizasyny resmileşdirip başlajakdygyny habar berdi. Bu barada Russiýanyň ilçihanasynyň “Telegram” jmegyýetçilik torunda bellenilip geçildi.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň 1-nji awgustyndan Russiýanyň ilçihanasynyň Konsullyk bölümi talyp wizasyny resmileşdirmek üçin kabul edişliklere başlajakdygy mälim edildi.

Wiza resmileşdirmek üçin elektron we telefon arkaly nobatad durmak hökman däl. Munuň üçin duşanbe gününden anna gününe çenli her gün sagat 09:30-dan 13:00-a çenli resminamalar kabul edilýär.

TALYP WIZASY ÜÇIN ZERUR BOLAN RESMINAMALAR:

  • Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrligi tarapyndan talyp wizasyny almak üçin berlen çakylyk haty;
  • Anketanyň doldurylan görnüşi we fotosurat;
  • Raýatyň pasportynyň göçürmesi we asyl nusgasy;
  • Raýatyň daşary ýurt pasportynyň göçürmesi we asyl nusgasy (pasportyň möhleti çakylykda görkezilen wizanyň möhletinden azyndan 18 aý bolmaly);
  • rus diline terjime edilen AIW infeksiýasynyň ýoklugynyň hakyky şahadatnamasy (şahadatnama 3 aý dowam edýär).

Talyp wizasynyň mugt resmileşdirilmegi üçin 7 iş gününiň zerur bolup durulýandygy bellenilýär. Talyp wizasyny gyssagly resmileşdirmek üçin tölegiň möçberi (3 iş gününiň dowamynda) 160 ABŞ-nyň dollarydyr (tölegler Konsullyk bölüminiň kassasynda diňe nagt alynýar).

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Talyp karzy: «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky

Ata Watan Eserleri

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Ata Watan Eserleri

Mekdep bazarlary işläp başlady

Ata Watan Eserleri