Angliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Ueýn Runi Amerikanyň futbol çempionatynda çykyş edýän “Di Si Ýunaýted” toparynyň tälimçiligine bellendi. Bu barada bu toparyň metbugat gullugy habar berýär.
36 ýaşly hünärmen bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti mälim edilmedi. Bilşiňiz ýaly, Runi iýun aýynyň ahyrynda “Derbi Kaunti” toparynyň baş tälimçisi wezipesini taşlapdy.
Runi 2020-nji ýylyň awgustyndan häzirki wagta çenli bu iňlis toparyna tälim berdi. Geçen möwsümde bu topar Angliýanyň “Çempionşip” ligasyndan aşak gaçypdy.
Runi futbolçy hökmünde “Ewerton”, “Mançester Ýunaýted”, “Di Si Ýunaýted” ýaly toparlarda çykyş edipdi. Ol Angliýanyň milli ýygyndysynyň iň köp gol geiçren futbolçylarynyň biridir. 119 duşuşykda 53 gezek tapawutlandy. Runi futbol ýoluny 2021-nji ýylyň ýanwarynda tamamlapdy.