SPORT

“PSŽ” topary Ronaldodan ýüz öwürdi

Dünýäniň köp sanly sport neşirleriniň sahypalarynda portugaliýanyň ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň haýsy toparda çykyş etjekdigi baradaky habarlary görmek bolýar.

Häzirki wagtda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde bolan Kristiano Ronaldo bu topardan gitmegi ýüregine düwýär. 37 ýaşly futbolçynyň menejeri Mendeş Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen duşuşyp, Ronaldony teklip edendigi bellenilýär.

Fransuz metbugaty “PSŽ” toparynyň Ronaldony satyn almakdan ýüz öwrendigi bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, “PSŽ” toparynyň düzümi ýyldyz futbolçylardan doly. Bu ýerde Lionel Messi, Neýmar, Mbappe ýaly ýyldyzlar bar.

Fransuz topary şeýle ýyldyzlardan soňra ýene-de bir ýyldyzy satyn alan halatynda onda bu futbolçylar üçin göz öňünde tutýan zähmet haklarynyň möçberi hem ep-esli artjakdygyny nazarda tutup, Ronaldodan ýüz öwürdi.
5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi bolan Ronaldo geçen möwsümde 12 ýyldan soňra “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp gleipdi. Onuň “Mançester Ýunaýted” toparynyň Çempionlar ligasynda çykyş etmeýändigi üçin topardan gitmegi ýüregine düwendigi bellenilýär.
“Mançester Ýunaýted” toparynyň täze bellenen tälimçisi Erik ten Hag bolsa, Ronaldonyň toparda galjakdygyny, onuň satylmajakdygyny belledi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/russiyada-ilkinji-maymyn-mama-keseli-yuze-cykdy/

Ýene-de okaň

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7