TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ruhubelent etrabynda bina ediljek metjidiň düýbi tutuldy

Daşoguz welaýatyndaky Aşyk Aýdyň piriň mekany bolan Ruhubelent etrabynda bina ediljek metjit hem-de sadaka jaýynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Bu barada “turkmenmetbugat.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Ruhubelent etrabynyň merkezi şäherçesinde täze metjidiň döwrebap binasynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara welaýatyň ähli etraplaryndan gelen il sylagly ýaşulularyň uly topary gatnaşdy. Täze binanyň guruljak ýerinde esasy taýýarlyk çäreleri görlüpdir.

Metjidiň we sadaka jaýynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek «Türkmençarwa» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenlerine ynanyldy.

Bellenen wagtda welaýatymyzyň ymamy düýbi tutulýan bu mukaddes binanyň gurluşyk işleriniň şowly, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan şeýle derwaýys işleriniň hemişe rowaç, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy barada ýagşy dilegleri etdi.

Soňra il sylagly ýaşulular beton garyndysynyň ilkinji böleklerini täze ymaratyň binýadyna goýberdiler. Şol pursatda dabara gatnaşyjylaryň ählisi bu ýagşy arzuwlara goşulyp, öz buýsançly sözlerini aýtdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze metjitleriň gurluşygyna badalga berildi. Golaýda Ahal we Lebap welaýatlarynda täze metjitleriň düýbi tutulypdy.

 

3 ýyl ýöräp, Mekgä bardy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Teswirle