TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo ýene-de 4-5 ýyl futbol oýnamakçy

“Mançester Ýunaýted” toparynyň hem-de Portugaliýanyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo ýene-de 4-5 ýyl professional futbol durmuşyny dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini belledi. Ol bu barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan geçirilen “The Best” baýrak gowşurylyş dabarasynda belläp geçdi.

Ronaldo milli ýygyndynyň düzüminde geçiren gollary hem-de bu ugurda goýan rekordy üçin FIFA-nyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

– Milli ýygyndylaryň düzüminde ähli döwürleriň iň köp gol geçiren futbolçysy bolmak meniň üçin bagt. Men entegem futbol oýnamak hem-de gol geçirmek hyjuwymy saklap galýaryn – diýip, Ronaldo belläp geçdi.

Ronaldo ýakynda 37 ýaşyny doldurjakdygyny belläp, özüni oňat duýýandygyny, ýene-de 4-5 ýyl futbol oýnamagy meýilleşdirýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 115 gol geçirdi. 2021-nji ýylda ol bu ugurda rekordyň eýesi eýranly Ali Daeiden (109 gol) öňe saýlandy.

Şu gün saýtymyza ýerleşdiren habarymyzda, Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan geçirilen “The Best” baýrak gowşurylyş dabarasynda baýraga mynasyp bolan sport türgenleri barada belläp geçipdik.

 

Dünýädäki iň baý 10 adamyň umumy baýlygy pandemiýada iki esse artdy

 

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle