SPORT

Rimlileriň 61 ýyldan soňra gazanan ilkinji kubogy

Italiýanyň “Roma” topary UEFA-nyň gurnaýan üçünji derejeli kubogy hasaplanýan Konferensiýa ligasynyň Kubogyny gazandy. Şeýle hem Rim şäheriniň topary bu kubogy ilkinji bolup gazandy. Şol bir wagtda bu kubok rimlileriň 1961-nji ýyldan soňra gazanan ilkinji Ýewropa kubogy boldy.

“Roma” topary soňky gezek 2007/08-nji möwsümde Italiýanyň Kubogyny gazanypdy, Toparyň halkara derejesindäki soňky gezek gazanan kubogy 1961-nji ýylda bolupdy. Şol ýyl rimliler Ýarmarok kubogynyň ýeňijisi bolupdy.

“Roma” topary Konferensiýa ligasynyň finalynda Niderlandrlaryň “Feýenoord” toparyny 1:0 hasabynda utdy. Şol bir wagtda toparyň tälimçisi Žoze Mourinýo hem rekordlaryny täzeleýär.

Ol Çempionlar ligasynyň, Ýewropa ligasynyň hem-de Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazanan ilkinji tälimçi boldy. Portugaliýaly tälimçi karýerasyndaky 26-njy kubogyny eýeledi. “Roma” topary tälimçiniň kubok gazandyran 6-njy topary boldy.

Mourinýo ozal, “Porto”, “Çelsi”, “Inter”, “Real Madrid” we “Mançester Ýunaýted” toparlary bilen kubok gazanmak başartdy. Oňa “Benfika”, “Leýri” we “Tottenhem” toparlary bilen kubok gazanmak başartmady.

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Kazan ugurly uçar gatnawy barada

Ýene-de okaň

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

Türkmenistanly samboçylar Belarusda 13 medal gazandylar

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi