PEÝDALY MASLAHAT

Resminamalary kanunlaşdyrmak

Resminamalar haýsy tertipde kanunlaşdyrylýar?

Resminamalar Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenilşine görä şu tertipde kanunlaşdyrylýar:

Döwlet notarial edarasynda ynanç hatynyň tassyklanylmagy, nusganyň dogrulygyna şaýatlyk edilmegi,resminamadaky goluň hakykylygyna şaýatlyk edilmegi;

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde,döwlet notariuslaryň golunyň we tugraly möhrüniň yzynyň hakykylygyna güwä geçilmegi; Welaýat adalat bölümlerinde  –  welaýatyň çägindäki döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan, şaýatlyk edilen resminamalardaky döwlet notariuslaryň golunyň we tugraly möhrüniň yzynyň hakykylygyna güwä geçilmegi;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, resminamanyň daşary ýurtlarda ulanylmagy üçin  kanunlaşdyryjy ýazgynyň ýazylmagy;

Terjime merkezlerinde, resminamanyň daşary ýurt diline terjime edilmegi;

Türkmenistandaky daşary ýurdyň diplomatik wekilhanasynda  ýa-da konsulluk edarasynda resminamanyň kanunlaşdyrylmagy.

 

Çagany perzentlige almagyň tertibi

 

 

 

Related posts

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Ýumşajyk gök önümli kebap

Ata Watan Eserleri

Raýat ýagdaýynyň namalary we olaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy?

Dr.Döwran Orazgylyjov