TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Real Madrid” 95-nji kubogyny gazandy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 95-nji kubogyny gazandy. Bu topar Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda “Atletik” toparyny 2:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, “Real Madrid” topary umumylykdaky 95-nji kubogyny, 12-nji Superkubogyny gazandy. Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa sport durmuşyndaky 21-nji, “Real Madrid” topary bilen 5-nji kubogyny gazandy.

Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk mini ýaryş ulgamynda Saud Arabystanynda geçirildi. Oňa 4 topar, ýagny “Real Madrid”, “Barselona”, “Atletiko Madrid” we “Atletik” toparlary gatnaşdy.

Netijede, “Barselonany” ýeňen “Real Madrid” bilen “Atletiko Madridi” ýeňen “Atletik” toparlary finalda duşuşdy.

“Real Madrid” toparynyň gollaryny Luka Modriç hem-de Karim Benzema geçirdi. Şeýlelikde, 95-nji kubogyny gazanan “Real Madrid” özüniň esasy bäsdeşi “Barselona” toparyndan 1 kubok yzda barýar. “Barselona” toparynyň gazanan kuboklarynyň sany 96-dyr.

Şeýle hem Ispaniýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşda hem “Barselonanyň” 13, “Real Madridiň” 12 ýeňşi bar.

Ispaniýanyň futbol boýunça milli çempionaty Ispaniýanyň Superkubogy ýaryşyna uly gyzyklanma döretmek hem-de bu ugurdaky duşuşykdan girdeji gazanmak üçin köp sanly teklipleri kabul etdi.

Ispaniýanyň Superkubogyny geçirmek üçin ABŞ, Katar we Hytaý ýaly döwletler hem gyzyklanma bildirdi. Ýöne Saud Arabystanynyň teklibi kabul edildi. Saud Arabystany Ispaniýanyň Superkubogyny gurnamak üçin 3 ýyl boýunça 120 million ýewro teklip etdi. Şol teklip esasynda, bu ýaryş Saud Arabystanyda geçirildi.

Käbir maglumatlara görä, bu ýaryşy 2029-njy ýyla çenli Saud Arabystanyda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle ýagdaýda, Ispaniýanyň milli çempionaty 240-dan 320 million ýewro çenli girdeji gazanar.

 

Notariat: Kesgitlenen döwlet pajynyň möçberleri

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle