DÜNÝÄ

Putin ŞHG-niň sammitine onlaýn gatnaşar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýanyň Prezidentiniň resmi internet saýtynyň habar bermegine görä, Wladimir Putin özüniň täjik kärdeşine özüniň daş-töweregindäkilerde koronawirus ýokanjyna degişli wakalaryň ýüze çykandygy sebäpli belli bir döwürde öz-özüni çetleşdirmek düzgünini berjäý etmeli bolýandygyny belledi.

Şonuň üçin Russiýanyň Prezidentiniň şu hepdäniň dowamynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we beýleki halkara çärelere sanly ulgam arkaly gatnaşmaly bolup durýandygy bellenildi.

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy.

 

ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammiti

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi