SPORT

“PSŽ” Serhio Ramosa garaşýar

Fransiýanyň “PSŽ” topary Jorjinio Weýnaldumdan soňra Serhio Ramos, Janluji Donnarumma hem-de Aşraf Hakimi bilen şertnama baglaşmaga taýýarlanýar.

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndaky sport durmuşyny tamamlan Serhio Ramos “PSŽ” toparyna geçmezden ozal, lukmançylyk barlagyndan geçmäge taýýarlanýar. 35 ýaşyndaky Ramos bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşylmagyna garaşylýar.

Ramos “Real Madrid” toparynyň düzüminde 16 ýylda 671 duşuşykda oýnap, 5 gezek ýurduň çempiony, 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Ramos toparyň ýolbaşçysy Florentino Perez bilen şertnamanyň uzadylmagy babatda ylalaşyga gelip bilmedi we topardan gitmeli boldy.

Italiýanyň “Milan” toparynyň derwezebany Janluiji Donnarumma erkin futbolçy hökmünde Fransiýanyň toparyna geçdi. Ol 2026-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy.

HAKIMI ÜÇIN 70 MILLION ÝEWRO

Fransuz topary “Inter” toparynda oýnaýan Aşraf Hakimi üçin 70 million ýewro tölemäge razy boldy. 22 ýaşyndaky bu futbolçy bilen hem 5 ýyllyk şertnama baglaşylar.

 

Ýeňilmezek Rokki 75 ýaşady

Ýene-de okaň

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

Türkmenistanly samboçylar Belarusda 13 medal gazandylar

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi