SPORT

“PSŽ” Poçenttinonyň şertnamasyny ýatyrdy

Fransiýanyň “PSŽ” topary tälimçi Maurisio Poçettinonyň şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrdy. Poçettino “PSŽ” toparyna 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda tälimçi wezipesine bellenilipdi.

– Topar Maurisio Poçettino minnetdarlyk bildirýär, şeýle hem oňa we onuň egindeşlerine geljekde gowulyklary arzuw edýär – diýlip, toparyň metbugat beýannamasynda bellenilýär.

Onuň şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylda tamamlanýardy. Şertnamanyň möhletini wagtyndan öň ýatyrmak üçin Poçettino 15 million ýewro berer.

Fransuz topar täze tälimçisi Kristof Galtýe üçin “Nissa” toparyna 10 million ýewro töledi.

Şeýlelikde, täze tälimçini wezipe bellemek üçin “PSŽ” topary 25 million ýewro sarp etdi.

Argentinaly tälimçi Poçettino “PSŽ” topary bilen çempion boldy, Fransiýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy.

Topar geçen möwsümde düzümine dünýäniň iň güýçli futbolçysy bolan Lionel Messini goşupdy.

ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy gysga metražly film bäsleşigini geçirýär

Ýene-de okaň

“Time” žurnaly: Messi ýylyň türgeni

Ata Watan Eserleri

Ahal» topary «Al-Ain» toparyny kabul eder

“Arkadag” topary – çempion

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi

Ata Watan Eserleri

Gurban Berdiýewiň “Dinomasy” birinjilige geçdi

“Merw” (Türkmenistan) – “Rawşan” (Täjigistan): 1-1