BILIM

Professor döwründe hukuk fakultetini tamamlady

Türkiýäniň Ankara uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetini 35 ýyl mundan ozal tamamlan, soňra lukmançylyk ylmy boýunça, ýagny psihologiýa ugrunda doktorlyk derejesini gazanan Dilek Özjengiz dekan bolup işläp döwründe hukuk fakultetini tamamaldy.

Çukurowa uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetiniň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň mugallymy prof.dr Dilek Özjengiz 1985-nji ýylda ankara uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetini tamamlap, häzirki işleýän ýokary okuw mekdebinde ilki bilen dosent, soňra professor derejesini almak üçin degişli okuwlardan geçendigini belledi.

Ol uniwersitetde dekanlyk edýän döwründe köp sanly hukuk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy üçin hukuk ylmy boýunça hem bilim ýüküni ýetirmegi göz öňünde tutdy. Şeýlelikde, ol 2015-nji ýylda dekan bolup işleýän döwründe Ankara uniwersitetiniň hukuk fakultetine girip, 2020-nji ýylda bu bilimini hem tamamlady.

Alym we professor Dilek Özjengiz adamlaryň öz hukuklaryny bilmeginiň köp sanly hukuk meseleleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýändigini belledi.

Şeýle hem ol hem lukmançylyk hem-de hukuk ugry boýunça bilim alan kärdeşleri bilen “Hukukçy lukmanlar instituty” atly jemgyýet döredendiklerini mälim etdi.

 

Hytaý Gyrgyzystana 1 million doza sanjym berer

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty-2025» atly halkara çärä gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

«Sanly çözgüt – 2025» innowasion bäsleşigiň ýeňijileri yglan ediler

Robotlaryň olimpiadasy: mekdep okuwçylarymyz Panamada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar