TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Prezident Ärdogan Türkmenistana gelýär

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan döwlet sapary bilen Türkmenistana gelýär. Prezidenti Ärdoganyň uçary Türkiýänň sagady bilen 10:40-da Aşgabada tarap ugur aldy. Bu barada ýurduň resmi habar agentligi habar berýär.

Prezidenti Ärdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde energetika we tebiry serişdeler ministri Fatih Dönmez, goranmak ministri Hulusi Akar, bilim ministri Mahmut Özer, oba hojalyk we tokaý ministri Bekir Pakdemirli, ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, söwda ministri Mehmet Muş, Prezidentiň edarasynyň aragatnaşyk boýunça ýolbaşçysy Fahrettin Altun we Prezidentiň edarasynyň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bar.

Prezident Ärdogan Aşgabada gelenden soňra “Oguzhan” köşkler toplumynda ikiçäk we giňeldilen düzümdäki gepleşiklere gatnaşar. Şeýle hem iki ýurduň arasynda ylalaşyklara gol çekmek dabarasy bolar.

Türkiýäniň Prezidenti 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde “Bilelikde geljege” mowzugynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşar.

Prezident Ärdoganyň guramanyň başlyklygyny Türkmenistanyň Prezidentine tabşyrar. Şeýle hem saparyň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyklar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle