TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Premýer-ministr öýlendi

Beýik Britaniýanyň premýer ministri Boris Jonson gelinligi Kerri Simonds bilen durmuş gurdy.

Jübütleriň nika toýy London şäherindäki Westministr ybadathanasyda geçirildi. Oňa durmuş gurýanlaryň iň ýakyn garyndaşlary gatnaşdy, şeýle hem soňky minutlarda 30-a golaý adama çakylyk berildi.

Boris Jonson premýer-ministr wezipesini amala aşyrýan döwründe öýlenen ikinji hökümet baştutany boldy. Robert Jenkinson hökümet baştutany wezipesini amala aşyrýan döwründe öýlenen ilkinji iňlis premýer-ministridir. 1812-1827-nji ýyllarda höümet baştutany bolan Jenkinson Meri Çester bilen 1822-nji ýylda durmuş gurupdy.

Jonson we Simondsyň geçen ýylyň martynda nikalaşjakdyklaryny mälim edipdi. Geçen ýylyň aprelinde olaryň ogullary dünýä inipdi.

Simonds syýasatçynyň üçünji aýalydyr. Jonsonyň öňki aýaly Marina Uilerden dört çagasy bar. Är-aýal 25 ýyl bile ýaşap, 2018-nji ýylda aýrylyşmak kararyna gelipdirler.

Koronawirus sanjymy: 1 milliard 874 million

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle