TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus sanjymy: 1 milliard 874 million

Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy 1 milliard 874 million doza möçberinde sanjym edildi. Bu babatda yzygiderli hasabat alyp barýan “Ourworldindata.org” internet neşiriniň habaryna görä, dünýäde 1 milliard 874 million doza möçberinde sanjym edildi.

30-njy maýdaky maglumata görä, sanjym babatda Hytaýda 620 million 970 müň, ABŞ-da 293 million 710 müň, Hindistanda 212 million 66 müň, Braziliýada 66 million 930 müň, Angliýada 63 million 960 müň, Germaniýada 49 million 255 müň, Fransiýada 35 million 630 müň, Italiýada 34 million 73 müň, Meksikada 29 million 861 müň, Tükriýede 28 million 811 müň, Russiýada 28 million 365 müň doza möçberinde koronawirus sanjymy amala aşyryldy.

Ilat sany boýunça her 100 adamda iň köp sanjym edilen ýurt Seýşeller adalary boldy. Şu wagtda çenli bellige alnan koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlar birinden başgasy 2 dozadan, belli aralykda urulýar.

Şeýlelikde bu doza sany bir adamyň sanjym işiniň tamamlanandygyny aňlatmaýar.

Umuman, dünýäde 176 ýurtda sanjym işleri alnyp barylýar. Dünýä ilatynyň 12,2% -ine doly sanjym etmek üçin ýeterlik dozalar berildi, ýöne paýlamak işindäki bökdençlikler munuň amala aşmagyna kynçylyk berýär. Ýokary girdejili ýurtlarda we sebitlerde sanjym etmek işi girdejisi pes ýurtlara garanyňda 30 esse ýokarydyr.

 

Türkmenistanda tebigy gazyň eksporty artýar

Ýene-de okaň

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Teswirle