SPORT

Powetkin bu gezek ýeňildi

Russiýaly boksçy Aleksandr Powetkin Bütindünýä Boks Geňeşiniň (WBC) agyr agramdaky wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gorap bilmedi. Gibraltar döwletinde geçirilen 12 döwden ybarat bolan boks duşuşygynda russiýaly Aleksandr Powetkin bilen britaniýaly Dillian Uaýt bokslaşdy. Britaniýaly Uaýt rus garşydaşyny 4-nji döwde tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Bu boksçylar ikinji gezek duşuşdylar. 2020-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen boks tutluşygynda Powetkin 5-nji döwde tehniki nokaut bilen Uaýty ýeňipdi. Bu duşuşyk boýunça gol çekilen şertnamada jogap duşuşygyny geçirmek babatda hem degişli madda bardy. Britaniýaly boksçy şol maddadan peýdalanyp, jogap duşuşygyna çagyrdy. Jogap tutluşygy Powetkindäki koronawirus ýokanjy sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.

Ahyrynda bu tutluşygy 27-nji martda Gibraltarda geçirmek meýilleşdirildi. Bu gezek britan boksçy rus garşydaşyndan üstün çykdy. Ol turuwbaşdan duşuşyga gowy başlap, ilkinji minutlarda rus garşydaşyna garşy dürs urgulary geçirdi.

Şeýlelikde, Uaýt dürs urgulary netijesinde, tutluşygyň 4-nji döwünde britan boksçy güýçli urgulary bilen rus boksçy Powetkini kyn ýagdaýda goýdy. Eminiň karary esasynda duşuşyk togtadyldy we Dillian Uaýt ýeňiji yglan edildi.

Bu tutluşykdan soňra britan boksçy Uaýt eger Powetkin razyçylyk berse, onuň biien üçünji gezek hem boks duşuşygyna çykyp biljekdigini mälim etdi.

41 ýaşly Powetkin 36 gezek ýeňiş gazandy, 3 gezek ýeňildi we bir gezek deňme-deň galdy. 32 ýaşly Uaýt bolsa 28 gezek ýeňiş gazanyp, 3 gezek ýeňildi.

Wagtlaýyn derejä britan boksçysy Uaýta WBC boýunça dünýä çempiony başga britaniýaly Taýson Fýuri bilen duşuşyk geçirmäge mümkinçilik berýär.

Futbolçynyň aýdym toplumy çykar

Ýene-de okaň

Ronaldo täze rekordyna barýar

Ata Watan Eserleri

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy