SPORT

Futbolçynyň aýdym toplumy çykar

«Galatasaraýyň» niderlandly futbolçysy Rýan Babel 2-nji aprelde çykmagyna garaşylýan aýdymy bilen aýdym-saz älemine hem gadam goýmagy meýilleşdirýär. Rep görnüşli aýdymlara bolan gyzyklanmasyny ozal hem beýan eden futbolçynyň ilkinji aýdymy «Ýaş çempion» diýlip atlandyrylýar.

34 ýaşly futbolçynyň şekile-de geçirilen aýdymynda onuň çagalygy we futbol ýoly bilen bagly heniz köpçülige mälim bolmadyk suratlar paýlaşylar.

Babel aýdym-saza ýakynlygyny geljekde tutuş toplum döretmek arkaly ösdürmek isleýär. Ýöne futbolçynyň aýdym toplumynyň haçan çykjakdygy heniz belli däl.

Onuň pikirine görä, aýdym-saz ykbalyň, geçen ýollaryň barada gürrüň bermek üçin iň täsirli ýol. Şonuň üçin hem ol ýerine ýetiren we indi ýetirmeli 8 aýdymyny bir topluma öwürmegi meýilleşdirýär. Ol Babeli diňe futbolçy hökmünde tanaýanlar üçin haýranlyk bolup biler.

 

Dizaýnerleriň arasynda binagärlik bäsleşigi geçiriler

 

 

Related posts

Türkmenistanyň “Iň ökde tälimçisi” hem-de “Iň ökde oýunçysy”

Russiýa Aziýa futbol konfederasiýasyna goşulmaga arakesme berdi

Ata Watan Eserleri

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy