Polşada hökümet ilatyň azalmagynyň öňüni almak maksady bilen, ikinji çagadan başlap, her bir çaganyň dünýä inmegi üçin 12000 zlot (takmynan 3100 dollar) tölemegi maksat edinýär. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girmegi meýilleşdirilýän bu düzgüniň çäklerinde ilkinji ýylda 410 müň çaganyň peýdalanmagyna garaşylýar.
Ýurduň hökümeti tebigy köpelişi höweslendirmek maksady bilen şeýle kanun taslamasyny işläp düzdi. 2022-nji ýylda güýje girjek kanun taslamasyna laýyklykda ýurduň hökümetine ilkinji ýylda 820 million dolar çykdajy etmek garaşylýar. Bu tölegler ähli maşgalalary öz içine alýar.
Maşgalalar bu maliýe kömegini nagt görnüşinde alyp bilerler, şeýle hem ony çaga seredýäne ýa-da çagalar bagyna tölemek üçin peýdalanyp biler.
Bu kanun taslamasy ýurduň milli parlamentinde ara alnyp maslahatlaşylar. Maşgala we durmuş üpjünçiligi syýasaty ministri Marlena Malag kanun taslamasy milli parlamentde kabul edilenden soňra 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda doly güýje girjekdigini belledi. Şeýle hem ol bu maliýe kömeginiň netijesinde, maşgalalaryň özlerini arkaýyn duýjakdygyny aýtdy.
2021-nji ýylyň 1-nji aprelindäki maglumata görä, Polşanyň ilaty 38 million 208 müňe barabardyr. 2050-nji ýyla çenli ilatyň 33 milliona çenli azalmagyna garaşylýar. Şonuň üçin maşgalalarda köp çagalygy höweslendirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurtda 18 ýaşdan kiçi bolan çagalar üçin maşgalalara her bir çaga üçin aýda 500 zlot (130 dollar), her okuw ýylynda bolsa ähli çagalar mekdep esbaplaryny satyn almak üçin 300 zlot (78 dollar) möçberinde maliýe kömegini bermegi dowam etdirýär.
«TürkÂmen-türk» banÂky: ýeňillikli karzlar, onlaýn tölegler