“Android” ulanyjylarynyň hepdede azyndan bir gezek girip görýän “Play Store” täze dizaýny bilen has minimalistligini görkezdi.
“Android 12” -iň girizilmegi bilen “Google” programmalarynda dizaýn öwrülişiginiň boljakdygyny eşidipdik. Bu dizaýn rewolýusiýasy şu wagta çenli “Google” programmalarynyň köpüsinde özüni görkezdi. Şeýle hem, programmalary gurmak üçin köpri bolan “Play Store” -da bu üýtgeşmä sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Ahyrynda, täze “Play Store” dizaýnynyň ilkinji suratlary görkezildi.
Käbir “Android” ulanyjylary täze dizaýny ulanyp bilerler, ýöne bu üýtgemäni şu wagta çenli hemmeler görüp ýetişenok. Täze interfeýs haýallyk bilen ýaýradylýar, eger smatfonyňyzda programmanyň köne dizaýnyny görseňiz alada etmäň. Täze dizaýny birnäçe hepdeden görmek hem mümkindir.