TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Petronas” kompaniýasy nebit çykarýan platformasyny Hazar deňzine goýberdi

Türkmenistanyň Hazar deňziniň türkmen bölegini iş alyp barýan Malaýziýanyň “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy “GDDP-A” (Garagol-Deňiz burawlaýyş platformasy) platformasyny deňze goýberdi. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.

Gyýanly şäherçesinde bu platformanyň suwa goýberiliş dabarasyna türkmen tarapyndan – “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Nebitgazylmytaslama” institutynyň, Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunuň we beýleki edaralaryň wekilleri, şeýle hem metbugat wekilleri gatnaşdy.

Malaýziýanyň “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji baş müdiri Ruslan bin Abdul Gani Kuala-Lumpur şäherinden wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşyp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde portatçy bolup çykyş eden “Ilk Inşaat Taahüt San ve Tic A.Ş” kompaniýasynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi.

Ruslan bin Abdul Gani “GDDP-A” platformasynyň işe girizilmeginiň Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösmegine kömek etjekdigine ynam bildirdi.

– Biz “Garagol-Deniz Günbatar” ýatagyndan günde 6700 barrele barabar önümçilik mukdary bilen ilkinji nebitiň gaz arassalaýjy zawodda we gury ýerdäki gaz terminalynda gaýtadan işlenjekdigine we soňra eksporta iberilmegine garaşýarys – diýip, malaýziýaly işewür belledi.

Resmi çykyşlardan soňra köp tonnaly platformany suwa goýbermek işine girişildi. 3919 tonnalyk platforma üstünlikli suwa goýberilip, nebit burawyna berkidildi.

“GDDP-A” platformasy Malaýziýanyň kompaniýasynyň Türkmenbaşy şäheriniň demirgazyk böleginde deňiz kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde gurlan sehde ýygnaldy. Bu bu sehde gurlan 4-nji platforma boldy. Bu platformany gurmak işine 2013-nji ýylda başlandy we onuň gurluşygy 8 ýyl dowam etdi. Bu hem platforma gurmagyň nähili ýokary tehnologiýaly zähmeti talap edýändigini görmek bolýar.

Bu platformanyň gündelik önümçilik kuwwaty 10000 barrele deňdir. Onuň ilkinji nebit önümçiligini şu ýylyň awgustynda almagyna garaşylýar.

* * *

Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasy 1974-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda nebit we gaz önümçiligini alyp barýar. Türkmenistanda bu kompaniýa, Blok-1 şertnama çäginde Önüm paýlaşmak şertnamasy (PSA) esasynda işleýär. Önüm paýlaşmak şertnamasy 1996-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň hökümeti bilen gol çekildi. Şu ýyl kompaniýa Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyny bellemegi meýilleşdirýär. “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd” şereketi “Petronas Carigali Sdn Bhd” kompaniýasynyň golçur kärhanasydyr.

El Klasiko: 14 ýyldan soňra “Realyň” uly üstünligi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle