TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

El Klasiko: 14 ýyldan soňra “Realyň” uly üstünligi

Ispaniýanyň milli futbol çempionatynda “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk “El Klasiko” diýlip atlandyrylýar. Bu iki toparyň arasyndaky duşuşyk dünýäniň ähli ýerine tomaşa edilýär.

“Real Madrid” topary 14 ýyldan soňra “Barselona” toparyna garşy uly üstünlik gazandy. “Real Madrid” topary bir möwsümiň dowamynda her iki duşuşykda hem “Barselonany” ýeňmegi başardy.

“Real Madrid” bilen “Barselona” toparlary çempionatyň 30-njy tapgyrynyň çäklerinde özara duşuşdylar. “Real Madrid” öz meýdançasynda garşydaşyny 2:1 hasabynda utdy. “Realyň” gollary Karim Benzama hem-de Toni Kross geçirdi. “Barselonanyň” goluny bolsa Oskar Mingueza öz adyna ýazdyrdy.

“Real Madrid” topary şeýlelikde bir möwsümdäki 2 duşuşykda hem ýeňiş gazandy. Möwsümiň birinji ýarymynda “Barselonany” öz meýdançasynda 3:1 hasabynda ýeňen “Real” mundan ozal 2007-2008-nji möwsümde her iki El Klasikoda ýeňiş gazanypdy.

“Barselonanyň” argentinaly hüjümisi Lionel Messi 45-nji El Klasiko duşuşykda oýnady we bu ugurda Serhio Ramos bilen deňleşdi. Messi El Klasikoda iň köp gol geçiren futbolçydygyna garamazdan, soňky 8 duşuşykda tapawutlanyp bilmedi.

“Real” topary bu ýeňşi bilen utuklarynyň sany 66-a çykardy. Birinji orundaky “Atletiko Madrid” topary bilen deňleşdi. “Barselona” toparynyň utuk sany 65-ä deňdir.

 

Aşgabatda “Türkiýede syýahatçylyk” hepdeligi

 

 

Ýene-de okaň

Ronaldo kuboksyz galdy

Messi “PSŽ” toparynda galar

Türkmenistanda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edildi

Teswirle