«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar.

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (maliýe amallary boýunça işlemek).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

1. Bilimi: buhgalter hasabaty, ykdysadyýet, maliýe, täjirçilik we beýleki degişli ugurlar boýunça ýokary bilimi bolmaly. Buhgalter hasabaty boýunça hünärli korporatiw hasapçylar birleşmesinde (ACCA), Angliýanyň we Uelsiň korporatiw hasapçylar institutynda (ICAEW), Malaýziýanyň hünärli hasapçylar birleşmesinde (MICPA) hünär derejesini alanlar artykmaçlykdan peýdalanýarlar.

2. Iş tejribesi: nebit-gaz pudagy boýunça azyndan 5 ýyldan 8 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly.

SAP programmasy we umumy korporatiw hyzmatlar boýunça iş tejribesi bolanlar artykmaçlykdan peýdalanýarlar.

3. Dil bilimi: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

4. Endikleri we başarnyklary: «MS Office» («MS Word», «MS Excel») programmasy bilen işlemegi başarmaly. Programmalary gündelik işde ulanmagyň esasy ýörelgelerinden we usullaryndan baş çykarmaly. Nebit-gaz pudagynyň buhgalter hasabatyna düşünmeli, taslama hem-de şereketleriň arasyndaky wezipeler, buhgalter hasabatynyň ülňüleri, şeýle hem çylşyrymly iş gurşawynda işlemek boýunça amaly we çuňlaşdyrylan bilimi bolmaly. Nebitiň we gazyň bahasynyň emele gelşine täsir edýän sebäpleri we ugurlary bilmeli, olara düşünmeli.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, «PÇ(T)SB» kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

 

Daşary işler ministri R.Meredow Gazagystnda iş saparynda bolar