TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Parlament ýolbaşçylary «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etdiler

Bilşimiz ýaly, 12-13-nji maýda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirilýär.

Bu iri halkara forumlaryň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşýan myhmanlar «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etdiler. Täze sahna oýnuny ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri esasynda dramaturg G. Daňatarowyň pýesasy boýunça sahnalaşdyryldy.

Baş keşplerden Şazadanyň keşbinde B.Garlyýew, Perizadyň keşbinde Ş.Kasymowa, Kiçigyzyň keşbinde D.Meläýewa dagy çykyş edýär. Oýunda ýaş zehinler bilen birlikde Türkmenistanyň halk artistleri M.Bekiýew, Ç.Seýitliýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti O.Nyýazberdiýewa ýaly halypa artistleriň çykyş etmegi onuň has-da täsirli çykmagyna getiripdir.

***

Paýtagtymyzda geçirilýän halkara forumlar mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda rus dramaturgy A.Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi», Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda gyrgyz ýazyjysy Ç.Aýtmatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ak gämi», Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda A.Işangulyýewiň «Çynymy aýtsam» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýunlaryň, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda rus dramaturgy A.Wolodiniň «Bäş agşam», Türkmen döwlet gurjak teatrynda halk ertekisi esasynda sahnalaşdyrylan «Ýartygulak» sahna oýunlary, Döwlet sirkinde bolsa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary görkezildi.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rustami Emomalini kabul etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle