Ispaniýanyň “Real Madrid” topary koronawirus pandemiýasy döwründe 300 million ýewro ýitgi çekdi. Ispaniýanyň şa topary 2020.21-nji möwsümde 874 müň ýewro girdeji gazandy.
Bu barada toparyň 2020/21 möwsümiň maliýe hasabatynda bellenilip geçilýär. Toparyň ýitgisi 2020-nji ýylyň mart aýyndan soňky döwri öz içine alýar.
UEFA-nyň maglumatyna görä, Ýewropanyň toparlarynyň 2019-2021-nji döwürdäki ýitgisi 6 milliard ýewro deň boldy. Toparlaryň köpüsi bu döwürde futbolçylarynyň zähmet haklaryny azaltdy. Futbolçylaryň hem aglabasy bu başlangyjy goldadylar.
Şu döwürde “Real Madrid” topary zähmet haklaryny 58 million ýewro, operasion çykdajylaryny 62 million ýewro çenli azaltdy. Topar düzümindäki käbir futbolçylary başga toparlara ibermek bilen 175 million ýewro gazandy.