TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Goşulyşmazlyk hereketiniň ministrler maslahaty

Wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi.

Agzalan wekilçilikli maslahat Goşulyşmazlyk Hereketiniň umumy maksatlaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýän dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Mejlisiň açylyşynda gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň wideoýüzlenmesini diňlediler.

Soňra “Goşulyşmazlyk Hereketi ählumumy howplary çözmäge gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalaryň merkezinde” atly tema boýunça ara alyp maslahatlaşmalar başlandy.

Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary çykyş etmek bilen, ol bu mejlisiň ähmiýetini we öz wagtyndalygyny belledi. Ol 2020-nji ýylyň maýynda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Sammitiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşyna ünsi çekdi. Onda Guramanyň gatnaşyjy döwletleriniň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürip biljekdigi baradaky türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi.

Şunda pandemiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça prosesleri maliýeleşdirmek bilen bir hatarda, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda Türkmenistanyň başlangyçlary orta atyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary pandemiýa garşy göreşmek, şol sanda lukmançylyk hyzmatlaryna we waksinasiýa deňhukukly elýeterlilik babatda hyzmatdaşlygy ilertmek maksady bilen, türkmen tarapynyň BSSG bilen bilelikde şu ýylyň güýzünde geçirilmegi göz öňünde tutulýan alym-lukmanlaryň Halkara forumyna döwletleriň işjeň gatnaşmagyna çagyrdy.

Türkmen tarapyndan öňe sürlen we BMG-niň Baş Assmbleýasynyň 75-nji mejlisiniň çäklerinde seredilýän Kararnamanyň taslamasynda beýan edilýän adatdan daşary ýagdaýlar wagtynda durnukly halkara ulag gatnawlarynyň üpjün edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen BMG-niň Strategiýasyny işläp taýýarlamak we BMG-niň howandarlygynda energetikanyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň tekliplerine ünsi çekdi.

Şeýle-de türkmen tarapynyň ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Halkara maslahaty geçirmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Maslahata gatnaşyjylaryň Jarnamasy kabul edildi.

Samsung Galaxy Z Flip 3 tapawutly görnüşi bilen satuwa çykar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle