SPORT

Ozup geç we baýrak al!

Meşhur «Formula ― 1» ýaryşlarynda baýragyň täze görnüşi döredildi. Ol ýaryşyň dowamynda iň kän ozup öten sürüjä berler.

Bu baýragy «Formula ― 1» «crypto.com» saýty bilen bilelikde esaslandyryldy. Arzyly kubok her möwsümiň ahyrynda gowşurylar.

«Bu baýrak sürüjileriň ýeňiş gazanmak üçin garadangaýtmazlygyna berilýän ýokary baha bolar» diýip, «Formula ― 1»-iň beýanatynda aýdylýar.

Deslapky maglumatlara görä, häzir garşydaşlaryny ozup geçmek boýunça iň ýokary netijäni «Aston Martin» toparynyň sürüjisi Sebastýan Fettel gazanyp gelýär. Ýöne möwsüm dowam edýär. Onuň ahyryna çenli öňdebaryjy üýtgäp biler.

“Ahal” topary özbek toparyny ýeňip bilmedi

 

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi