TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistana sapara geler

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň metbugat gulluklary habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, 28-nji noýabrda türkmen paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti geçiriler.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Özbegistanyň Prezidenti Aşgabatdan soňra Gazagystanda we Günorta Koreýada saparda bolar. Bu saparlaryň maksady täze maýadarlary çekmek, strategik hyzmatdaşlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekden ybaratdyr.

Bilşimiz ýaly, oktýabr aýynda Özbegistanda geçirilen prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanan Prezident Şawkat Mirziýoýew täzeden wezipesine girişenden soňra Türkiýe Respublikasynda we Russiýada saparda boldy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanda soňky gezek şu ýylyň awgust aýynda saparda bolupdy. Şol saparynda Prezident Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşypdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bolsa, şu ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistana resmi saparyny amala aşyrypdy.

BMG-Merkezi Aziýa: 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnama gol çekildi

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Fransiýada saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Teswirle

tk