SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Özbegistanda “Sputnik V” önümçiligi

Russiýa bilen Özbegistanyň hökümetiniň arasynda koronawirs ýokanjyna garşy “Sputnik V” sanjymynyň önümçiligi babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşan Russiýanyň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko habar berdi.

Ministriň aýtmagyna görä, özbek tarapy bu dermen serişdesiniň önümçiligi üçin meýdança saýlap aldy we taslamanyň işlenip düzülmegi babatda işler alnyp barylýar.

Özbegistan 23-nji aprelde “Sputnik V” sanjymynyň birinji tapgyryny, 27-nji aprelde ýene-de bir tapgyryny aldy. Her tapgyryň umumy möçberi 100 müň adama niýetlenendir.

Mundan ozal, Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow Russiýanyň hökümet başlygy Mihail Mişuntin bilen Kazan şäherinde geçiren duşuşygynda “Sputnik V” sanjymyny ibermegiň möçerini artdyrmak babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşypdy.

Mälim bolşy ýaly, 1-nji aprelde Özbegistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma başlandy. Ýurtda “AstraZeneca”, “Sputnik V” hem-de Hytaýyň “Anhui Zhifei Longcom Biopharmaceutica” kompaniýasynyň sanjymyndan peýdalanylýar. Häzirki wagtda ýurt boýunça 1,8 million doza möçberinde sanjym edildi.

 

Premýer-ministr öýlendi

 

Ýene-de okaň

Hytaý ýaş hünärmenler üçin täze wiza görnüşini girizýär

AÖB Türkmenistanda şepagatçylyk işini ösdürmek üçin $77 mln maýa goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizer

Türkmenistanyň uçarmanlary Ýewropanyň standartlaryna göra taýýarlanar

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

Pakistan Türkmenistanyň bilen göni howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär