DÜNÝÄ

Ozalky döwlet münberi işewürleri kabul ediş merkezine öwrüler

Şu gün hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz ösdürmek bilen baglanyşykly taslamalar bilen tanyşdy. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Buig Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäherimiziň merkezindäki binalary döwrebaplaşdyrmak baglanyşykly taslamalary hödürledi.

Fransuz kompaniýasynyň sebitleýin direktory paýtagtymyzdaky ozalky döwlet münberiniň durkyny täzeläp, ony “Oguzhan” Köşkler toplumynyň işewürleri kabul ediş merkezine öwürmek boýunça taýýarlanan taslamalar barada hasabat berdi.

Bu merkez we töweregiň keşbi aýratyn-da, “Oguzhan” Köşkler toplumynyň binalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Täze işewürler kabul ediş merkeziniň düzüminde mejlisler zaly, dürli derejedäki duşuşyklar we sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmek üçin otaglar, birnäçe iş otaglary bolar. Merkeziň ähli desgalary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylar.

 

Türkmenistanda nebitgaz ýataklarynda gözleg-barlag işleri geçiriler

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär

Muttaki: TOPH taslamasy üçin ähli tagallalary ederis