TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Öz-özüňi bejerýän telefon ekrany

Alymlar millionlarça adamyň wagtyny we puluny tygşytlaýan polimer döretdiler. Alymlaryň pikiriçe, bu tehnologiýa sebäpli telefon ekranlary öz-özüni bejerer. Smartfonlar we beýleki akylly enjamlar soňky 10 ýylda durmuşymyzyň ähli ugurlaryna girdi. Häzirki wagtda bütin dünýäde milliardlarça akylly enjam ulanylýar. Köp ulanyjynyň iň uly gorkusy, ekranlaryň döwülmegi ýa-da çatlamagy bolup durýar. Käwagt olaryň ekranlary enjamyň bahasyna deň bolýan pursatlaryna hem gabat gelmek bolýar.

Kanadadaky Konkordiýa uniwersitetiniň alymlary bu meseläni çözüp biljek usuly oýlap tapdy. Ylmy-barlaglaryň netijesinde, öz-özüni bejerýän telefon ekrany döredildi. Başgaça aýdylanda, telefondaky çat açylan ýerler belli bir wagtdan soň özbaşdak ýapylyp başlaýar.

Diýmek, ýakyn wagtda ekrany çalyşmak taryh bolup biler. Barlag toparyndan Twinkal Patel: “Döwükleri otag temperaturasynda doly bejermek üçin uly üns berdik” -diýdi.

Ösen polimer tehnologiýasynyň geljekde batareýalaryň ömrüni uzaldyp biljekdigi öňe sürüldi.

Wan Goguň çeken suraty auksiona çykýar

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle