DÜNÝÄ

Owganystanyň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy

Owganystanyň Samangan welaýatynda 144 ýaşynda ýurduň iň garry ýaşaýjysy aradan çykdy. Bu barada “Interfaks” habarlar gullugy Owganystanyň milli telewideniýasyna salgylanyp habar berýär.

Mawlawi Muhammad Amin Totor ýurduň demirgazygyndaky Ruýi Du Ab uezdinde 144 ýaşynda aradan çykdy.

Muhammad Amin Totor “Beýik Mawlawi” hökmünde hem tanalýar. Ol ýurduň belli hem-de baýry alymlarynyň biridir. 90 ýyl mundan ozal, Amanulla Hanyň ýolbaşçylyk eden döwründe Muhamma Amin Totor hindistandaky Deoband medresesini tamamlapdyr we öz durmuşynyň deňinden ýurduň 15 hökümetini geçiripdir.

Onuň garyndaşlarynyň bellemegine görä, Muhammed Amin 4 gezek öýlenipdir we öz durmuşynda çagalarynyň birnäçe nesillerini görüpdir.

 

Bir döwrüň soňy: “BlackBerry” 22 ýyldan soň enjamlaryna goldawy kesýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleriniň Wena sapary

Aşgabatda Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi geçirilýär