DÜNÝÄ

Owganystanda täze wagtlaýyn hökümet düzüldi

Owganystanda “Taliban” hereketi tarapyndan täze wagtlaýyn hökümet düzüldi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Täze hökümetiň ýolbaşçysy hökmünde Mohammed Hasan bellendi. Onuň orunbasalary – Abdul Gani Baradar we Abdul Salam Hanafi boldy.

IŇ ÝOKARY ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI

Premýer-ministr – Mohammed Hasan

Wise-premýer – Аbdul Gani Baradar

Wise-premýer – Abdul Salam Hanafi

HÖKÜMETIŇ DÜZÜMI

Täze hökümetiň düzüminde 19 ministr bar, şeýle hem Merkezi bankyň başlygy hem bellendi.

  • Goranmak ministri – Muhammed Ýakub Mujahid
  • Daşary işler ministri – Amir Han Mottaki
  • Daşary işler ministriň orunbasary – Şer Mohammed Abbas Stanikzaý
  • Içeri işler ministri – Sirajiddin Hakkani
  • Ykdysadyýet ministri – Kari Din Mohammed Hanif
  • Bilim ministri – şeýh Mawlawi Nurrulla Munir
  • Medeniýet we informasiýa ministri Haýrulla Haýrhwa
  • Medeniýet we informasiýa ministriniň orunbasary – Zabihulla Mujahid (“Taliban” hereketiniň wekili hökmünde çykyş etdi)
  • Kommunikasiýa ministri – Najibulla Hakkani
  • Awiasiýa we ulag işleri boýunça ministri – Hamidulla Ahunzada
  • Merkezi Bankyň başlygy – Mohammad Idris.

Imperatoryň maşgalasyna çaga edinmäge rugsat berilmegi mümkin

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Tailandaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary dereje duşuşyk geçiriler

BMG-niň Türkmenistandaky wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy

Russiýanyň ilçisi:Türkmenistan boýunça syýahat etmegi halaýaryn