“Oskar” baýraklary: “Çarwadarlaryň mekany” filmi ýeňiş gazandy

Kino äleminiň iň naýbaşy baýragy hasaplanýan “Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. ABŞ-nyň Los-Anželes şäherinde geçirilen 93-nji “Oskar” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda “Çarwadarlaryň mekany” filmi öňe saýlandy. Pandemiýa sebäpli bu baýrak gowşurylyş dabarasy täzelenen görnüşde hem-de birnäçe ýerde geçirildi.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli bu dabara 170 myhmanyň öňünde geçirildi. Bu ýyl koronawirus sebäpli fotosuratçylaryň we žurnalistleriň sany hem çäklendirildi.

“Iň gowy aktýor” baýragyna eýe bolan  Entoni Hopkins (“Kaka” filmi) bu baýraga mynasyp bolan iň ýaşuly aktýor boldy.

ABŞ-nyň akademiýa baýraklary film we animasiýa üstünlikleri üçin her ýyl 24 kategoriýada berilýär.

Oskar” baýraklarynyň ýeňijileri:

  • “Iň gowy film” – “Çarwadarlaryň mekany” filmi. (Nomeland)
  • “Iň gowy aktrisa” – Frensis Makdormand (“Çarwadarlaryň mekany” filmi).
  • “Iň gowy režissýor” – Hloýa Çžao (“Çarwadarlaryň mekany” filmi).
  • “Iň gowy aktýor” – Entoni Hopkins (“Kaka” filmi) (Father).
  • “Iň gowy uýganlaşan ssenariýa” – “Kaka” filmi
  • “Iň gowy original ssenariýa” – “Umyt berýän gyz” filmi (Promising Young Woman).
  • “Iň gowy operatorçylyk işi” – “Mank” filmi.
  • “Iň gowy önümçilik dizaýneri ” – “Mank” filmi.
  • “iň gowy ikinji derejedäki aktýor” – Deniel Kaluýa (“Iuda we gara messia” filmi).
  • “Iň original aýdym” – “Iuda we gara messia” filmi
  • “Iň gowy ikinji derejedäki aktrisa” – Ýun Ýe Džon (“Minari” filmi).
  • “Iň gowy animasiýa filmi” – “Içki dünýä” multfilmi.
  • “Iň gowy daşary ýurt filmi” – “Ýene-de bir” filmi.
  • “Iň gowy grim we saç şekili” – “Ma Reýni: bluzlaryň enesi” filmi.
  • “Iň gowy egin-eşikleri” – “Ma Reýni: bluzlaryň enesi” filmi.
  • “Iň gowy gysga göwrümli oýun filmi” – “Iki uzak nätanyş” filmi.
  • “Iň gowy dokumental filmi” – “Meniň osminog mugallymym” filmi.

Dünýäde näçe web saýt hereket edýär?