SPORT

Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy Italiýa gowşuryldy

Ş-u gün Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah Pekindäki Milli stadionda geçirilen ýapylyş dabarasynda Olimpiýa oýunlarynyň baýdagyny Milan şäheriniň meri Žuzeppe Sale we Kordina-d’Ampesso şäheriniň meri Žanpetro Gedina gowşurdy.

Pekiniň meri, guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Çen Szinin Olimpiýa baýdagyny Baha berdi, ol hem baýdagy Italiýanyň Milan we Kordina-d’Ampesso şäheriniň merine gowşurdy.

2026-njy ýylda gyşky Olimpiýa oýunlaryny Italiýanyň bu şäherleri kabul ederler. Italiýa 4-nji gezek Olimpiýa oýunlaryny öz çaginde kabul edýär.

1956-njy ýylda Kordina-d’Ampesso şäherinde gyşky Olimpiýa oýunlary, 1960-njy ýylda Rimde tomusky Olimpiýa oýunlary, 2006-njy ýylda Turinde gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilipdi.

Hytaýyň paýtagty Pekindä geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlaryna 91 döwletden türgen gatnaşyp, 109 medal toplumy ugrunda gyzykly ýaryşlar geçirildi. Umuman, iň köp medal gazanmakda Norwegiýa jemi 37 medal bilen birinji, Russiýa 32 medal bilen ikinji, Germaniýa 27 medal bilen üçünji boldy.

Norwegiýanyň milli ýygyndysy altyn medal almakda gyşky Olimpiýa oýunlarynda rekord gazandylar.

 

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy