TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy

Şu gün Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde 4-nji fewralda badalga alan XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary tamamlandy. Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah Pekindäki Milli stadionda geçirilen ýapylyş dabarasynda Olimpiýa oýunlarynyň ýapykdygyny yglan etdi.

4-nji fewralda başlan gyşky Olimpiýa oýunlarynda 109 medal toplumy ugrunda gyzykly ýaryşlar geçirildi.

Olimpiýa oýunlarynda Norwegiýanyň milli ýygyndysyna taý tapylmady. Bu ýurduň türgenleri 16 atlyn, 8 kümüş we 13 bürünç medal gazandy. Ikinji orny eýelän Germaniýanyň ýygyndysy 12 altyn, 10 kümüş we 5 bürünç medala eýe boldy. Ýer eýeleri Hytaýyň türgenleri medal sanawynda üçünji orny eýeledi. Hytaýly türgenler 9 altyn, 4 kümüş we 2 bürünç medal gazandy.

Umuman, iň köp medal gazanmakda Norwegiýa jemi 37 medal bilen birinji, Russiýa 32 medal bilen ikinji, Germaniýa 27 medal bilen üçünji boldy.

Norwegiýanyň milli ýygyndysy altyn medal almakda gyşky Olimpiýa oýunlarynda rekord gazandylar.

 

20-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle