JEMGYÝET

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesi – Türkmen alabaýynyň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiň giňişleýin mejlisinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakyndaky degişli resminama gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek hem-de kämilleşdirmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçiler.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenilip geçilmegini üpjün eder.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda şu ýyl ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy  Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde apreliň aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilipdi.

 

2022-nji ýylyň ÅŸygary – “Halkyň Arkadagly zamanasy”

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy