TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nowruz gelse äleme…

Watanymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gün toýdur baýrama, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Ýaňy-ýakynda türkmen halky bir supra jem bolup, agzybirlik bilen baharyň buşlukçysy bolan Halkara zenanlar gününi toýlan bolsa, bu gün Nowruz baýramyny taýýarlyk görýär.

Öz gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan gadymy baýramlarymyzyň biri Nowruz belli seneleriň arasynda uly orun tutýar. Nowruz her ýylyň 21-22-nji martynda Alynky Aziýada, Ýakyn we Orta Gündogarda. Orta Aziýada milli baýram hökmünde bellenilip gelinýär.

Topragymyzy gül-gülzarlyga besläp, ýaşyl ýazlaryň ähli gözellikleri bilen gelen Nowruz baýramyny türkmen halky uly joşgun bilen garşy alýar. Täze ýylyň başy hasaplanylýan bu baýramyň esasy aýratynlygy hem mährem ene-mamalarymyzyň, görkana gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk bilen bişirýän semenileridir.

2009-njy ýylda Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. Bu günki günde türkmen halkynyň we beýleki halklaryň milli baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýän Nowruz milli çäklerden çykyp, halkara giňişliginde ruhy hem umumadamzat gymmatlygy hökmünde dabaralanýar. 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň degişli Rezolýusiýasyna laýyklykda “Halkara Nowruz güni” dünýäniň köpsanly ýurtlarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Nowruz güniniň girip gelmegi gije we gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär.

Bahar baýramy günlerinde geçirilýän çäreler bilen birlikde 20-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy hem bolar.

Türkmensitanlylar hemişe Nowruz baýramyny dabaraly belleýärler. Baýramçylyk dabaralary milli ruhda we däplere görä geçirilýär. Ýurdumyzyň ählli künjeginde aýdym-tans we folklor toparlarynyň baýramçylyk baýramçylyk çykyşlary guralýar.

Bagşylar belent owazdan aýdym aýtsalar, ýaşlar hiňňildik uçýarlar, at çapyşyklary geçirilýär. Baýram güni täze eşik geýip, myhmançylyga gitmek, birek-birege sowgat bermek däbe öwrülendir.

Humaý Berdiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Çölde ysmanak ýetişdirmek mümkinçiligi

 

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle