TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Nowruz – dostlugyň baýramy

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň mukaddes däp-dessurlaryny, gadymdan bellenilip gelinýän ajaýyp baýramçylyklaryny ýitirmän, öňküsinden hem baýlaşdyryp belläp geçmek netijeli ýola goýuldy. Şol milli baýramçylyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri hem Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz günüdir.

Nowruz baýramynyň dünýä medeniýetinde tutýan uly ornuny halklara ýaýmak, bu baýramyň gymmatyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, milli Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Eýranyň teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi.

Nowruz baýramynyň taryhy Abu Reýhan Birunynyň (XI asyr), Abylkasym Ferdöwsiniň (XI asyr), Omar Haýýamyň (XI-XII asyr), Abdyrahman Jamynyň (XV asyr), Alyşir Nowaýynyň (XV asyr) we beýleki Gündogar akyldarlarynyň eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde, türkmen dessanlarynda, gyz-gelinleriň lälelerinde we monjugatdylarynda, nakyllarda we matallarda, halk yrymlarynda öz beýanyny tapypdyr.

Nowruz – now – täze, ruz – gün diýmekligi aňladyp, gadym döwürlerden bäri bellenilýän meşhur täze ýyl baýramydyr.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleri hem Nowruzy öz goşgularynda wasp edipdirler. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bu baýramy öz goşgy setirlerinde wasp edip geçipdir.  Şahyr “Duman peýda” atly goşgusynda ony şeýle taryplaýar:

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bellenilýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni gutly bolsun!

Sapargözel Atajanowa, TOHU-nyñ mugallymy.

 

Iň uzyn jandar

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle