TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Iň uzyn jandar

Ähli janly-jandarlar ýaly žiraflar hem öz çagalaryny goraýar. Hatda ene žiraf duşmanyny göreninde, çagasyny goramak üçin oňa topulýar. Çagasy dünýä inenden soňra, ene žiraf bir hepdeläp onuň ýanynda bolýar. Janly-jandarlaryň köpüsi öz çagalaryny, çagalary bolsa enelerini ysyndan tanaýar. Ene žiraf çagasynyň ýanynda bolanda, çaga žiraf enesiniň ysyny ýat tutýar. Soňra bolsa, ene žiraf çagasyny gezelenje äkidýär. Haýsy agajyň ýapragynyň ýa-da otuň iýilýändigini nireden suw içilýändigini görkezýär. Haýsydyr bir howp abananda bolsa, çagasyny uzyn aýaklarynyň arasyna alyp goraýar.

Žiraf dünýädäki iň uzyn haýwan hasaplanyp, onuň göwresi bilen bilelikde uzynlygy 5,5 metrden gowrak. Žirafyň agramy ortaça bir tonna töweregi bolup biler. Žirafanyň dili 45 sm-den gowrak bolup, agaçlaryň ýokarky böleginde ösýän ýapraklara ýetmäge kömek edýär. Žiraflar bir gije-gündizde 5–30 minut ýatyp bilýär.  Žiraflar ot iýmeýärler (ýapraklar bilen iýmitlenýärler). Sebäbi uzyn aýaklary we boýunlary sebäpli ýere ýetmek gaty kyn. Žiraflar ylgamak bilen sagatda 50 kilometre çenli tizlige ýetip bilerler. Žirafyň ýüreginiň agramy 12 kilograma deň.

Tebigaty öwrenijiler Afrikada adatdan daşary kiçi göwrümli iki sany žirafy tapdylar. Olaryň biri Gimil lakamly žiraf bolup, Ugandanyň Murçison-Folls milli seýilgähinde ýaşaýar. Onuň aýaklary adatkydan kiçi bolup durýar.

Keniýanyň demirgazyk-gündogaryndaky goraghanada ýaşaýan dünýädäki ýeke-täk ak žirafy hem köpleriň ünsüni çekýär.

Ži­raf­la­ryň de­ri­sin­dä­ki owa­dan na­gyş­la­ryň her bi­ri edil, ada­myň bar­mak yz­la­ry ýa­ly bir-bi­rin­den ta­pa­wut­ly­dyr. Ýag­ny hiç bir ži­raf beý­le­ki­si­ne meň­ze­me­ýär. Uzyn boý­ly jan­da­ry gör­mek üçin onuň ýa­şa­ýan ýe­ri bo­lan Af­ri­ka git­me­giň ze­rur­ly­gy ýok. Ony Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki Jan­ly te­bi­ga­tyň mil­li mu­ze­ýi­nde hem görmek bolýar.

Jennet  Annaýewa, TOHU-nyñ talyby.

 

Nowruz gelse äleme…

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle