BIZNES

Nobel hepdeligi: ykdysadyýet baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Umuman, 4-10-njy oktýabr aralygynda halkara jemgyýetçiligindäki iň abraýly baýraklaryň biri hasaplanýan Nobel baýragynyň lukmançylyk, fizika, himiýa, edebiýat we parahatçylyk ugurlary boýunça ýeňijileri mälim edildi.

Bu gezek bolsa, Şwesiýanyň Döwlet banky Alfred Nobeliň hatyrasyna gowşurýan ykdysadyýet ugry boýunça ýeňijiler aýan edildi. Şoňa görä-de, bu baýraga Dewid Kard, Joşua Angrist we Gwido Imbens mynasyp boldy.

Kanadaly-amerikaly ykdysadyýetçi Diwed Kard bu baýraga zähmet ykdysadyýetindäki empirik goşandy, amerikaly ykdysadyýetçiler Angrist we Imbensbolsa, bu abraýly baýraga sebäp we täsir gatnaşyklaryny seljermekde usulyýet goşantlary üçin mynasyp boldy.

Alfred Nobeliň hatyrasyna Şwesiýanyň Döwlet bankynyň ykdysadyýet baýragy, bankyň 300 ýyllygy mynasybetli 1968-nji ýylda esaslandyryldy we 1969-njy ýyldan bäri gowşurylýar.

Baýragyň pul sylagy Nobel gaznasyna Döwlet banky tarapyndan berilýär. Şu güne çenli bu baýraga 86 alym mynasyp boldy. Şolaryň 2-si zenan alymlardyr.

2020-nji ýylda bu baýrak amerikaly alymlar Pol Milgroma we Robert Uilsona “auksion teoriýasyny kämilleşdirendigi we täze auksion formatlaryny oýlap tapandygy üçin” berildi.

1969-2020-nji ýyllar aralygynda baýrak 52 gezek gowşuryldy. Bu baýraga bir wagtyň özünde 20 gezek 2 alym, 7 gezek bolsa 3 alym mynasyp boldy. Baýrak alanlaryň ortaça ýaşy 67 ýaş. Baýraga mynasyp bolan iň ýaşy kiçi alym 46 ýaşly Ester Dýuflo, iň ulusy 90 ýaşynda (2007) amerikaly Leon Gurwiz boldy. Iň köp baýrak ABŞ-nyň wekilleri tarapyndan gazanyldy.

 

Alymlar dünýäniň iň pes temperaturasyny ölçediler

Ýene-de okaň

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar

Osaka şäherinde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi

Gazak işewürleriniň Aşgabada sapary:20 şertnama we 7 ähtnama gol çekdi

Türkmenistan “Galkynyş” käninde gaz önümçiligini artdyrýar

Telekeçilige höwesli zenanlarymyza mugt okuw mümkinçligi