SPORT

NBA-nyň çempiony belli boldy

ABŞ-nyň Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) çempiony belli boldy. Pleý-off tapgyrynda “Golden Steýt Uorriorz” topary bilen “Boston” topary duşuşdy.

Bu duşuşyklaryň 6-njysynyň netijeleri boýunça “Boston” toparyndan üstün çykan “Golden Steýt Uorriorz” topary çempion bolmagy başardy. Soňky duşuşykda 103:90 hasabynda ýeňiş gazanan “Golden Steýt Uorriorz” topary 7-nji gezek çempion bolmagy başardy.

Bu topar soňky 8 möwsümde 4-nji gezek çempion bolup, taryhy rekordy gazandy.

Mundan ozal, 1947-nji, 1956-njy, 1975-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2018-nji ýyllarda NBA-da çempion bolmagy başaran “Golden Steýt Uorriorz” topary 17 gezek çempion bolan “Boston Celtics” we “Los Anjeles Leýkers” toparlaryndan soňra iň köp çempion bolan 3-nji topar boldy.

“Golden Steýt Uorriorz” toparynyň oýunjysy Stefen Karri iň gowy oýunjy hökmünde saýlandy.

 

 

To­msuň ys­sy gün­le­rin­de arassa agzy suwy içiň!

Ýene-de okaň

Ronaldo iň köp girdeji gazanýan türgen

Türkmenistanly samboçylar Belarusda 13 medal gazandylar

Ýurdumyzyň samboçylary Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrundaky ýaryşyň ilkinji gününde alty medal gazandylar

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy halkara ýaryşda birinji ýeňşini gazandy

Türkmenistanly küştçi Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda ýeňiji boldy

“Real” myhmançylykda “Mançester Sitini” ýeňdi