SIZDEN GELENLER

Muny bilmek gyzykly we peýdaly

Italiýanyň Parma şäheriniň uniwersitetiniň neýrobiologlary kelle beýnisinde daş – töwerekdäki adamlaryň emosional ýagdaýyny duýmaga kömek edýän aýna neýronlaryň bardygyna üns berdiler. Görlüp oturylsa, aýna neýronlar diňe bir başga adamlaryň şatlygyny ýa – da gaýgysyny açyk – aýdyň görmäne mümkinçilik bermän, eýsem özüň hem şeýle duýgulary başdan geçirmegiňe itergi berýän eken. Şoňa görä, adam kimdir biriniň ýylgyranyny görende özi hem ýylgyranyny duýman galýar. Munuň hut şeýledigine şwed alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesi hem güwä geçýär.

  • Görlüp oturylsa ýylgyrmak gaşyňy çytmakdan aňsat eken. Adam ýüzüni gamaşdyryp, gaşyny çytanda bedende has köp güýç sarp edilýär.
  • Adam ýylgyranda ýüz myşsalarynyň 5 – den 53 – e çenlisi şol bir wagtda herekete gelýär.
  • El gysyşmak, gujaklaşmak, tagzym etmek, el çarpmak dürli ýurtlaryň däp – dessurlarynda birnäçe mana eýe bolup durýar. Çyn ýürekden çykýan ýylgyryş bolsa bütin dünýäde ýekeje manyny – adamyň bagtlydygyny aňladýar.
  • Aýallar erkeklere seredeniňde, gyzjagazlar oglanjyklara garanyňda köp ýylgyrýarlar.
  • 19 hili ýylgyryş bar. Olar 2 sany uly topara bölünýär. Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş peýda bolanda ýüzüň iki tarapynda hem myşsalaryň köp sanlysy herekete gelýär. Adam ýöne sypaýyçylykly ýa – da ýalandan ýylgyranda hereketlenýän myşsalaryň sany azalýar.
  • Ýylgyryş adamyň ömrüni uzaldýar. Amerikaly alymlaryň 10 ýyldan gowrak dowam eden barlagynyň netijesi muňa güwä geçýär. Olar ýylgyryp ýa – da çytylyp surata düşen türgenleriň ömrüniň dowamlylygyny öwrendiler. Görlüp oturylsa, ýylgyryp surata düşen oýunçylar 80 – den hem köp ýaşapdyr. Beýleki oýunçylaryň ömri olaryňka seredeniňde 10 ýyl töweregi gysga bolupdyr.
  • Gaty gaharyňyz gelende hiç kime bildirmän, birnäçe gezek ýylgyryň. 1 minutlap dowam edýän ýylgyryş maşky, adamyň emosional ýagdaýyny gowulandyrýar.
  • Kimdir biri bilen telefonda gürleşmek isleýärsiňizmi? Onda telefony eliňize alan dessiňize ýylgyryň. Gürrüňdeşiňiz bilen ýylgyryp gepleşiň. Munuň özi sesiňiz mylaýym, pessaý, ýakymly çykmagyna itergi berip, söhbetdeşiňizde hoşmeýillikli jogap täsirini döreder.
  • Çyn ýürekden çykýan hakyky ýylgyryş daş – töwerekdäki adamlarda dostlukly garaýyşlary döredýär. Kimdir birine ýaranmak üçin ýalandan ýylgyrýan adamlara hiç kim ynanmaýar.

Şamyrat Begenjow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

 

Owganystan Yslam Emirligi Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürer

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – gadymy medeniýetiň ojagy

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr